Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinde welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň guramaklarynda üstümizdäki ýylda göz öňünde tutulýan iri sport ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmegiň meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatda paýtagtymyzda geçiriljek halkara ýaryşlaryna türgenleri taýýarlamak, türkmenistanly türgenleriň gazanýan üstünliklerini, sportuň parahatçylygy üpjün etmekdäki we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki ornuny wagyz etmek ýaly meseleleriň üstünde durlup geçildi. Ýaşlary sporta we bedenterbiýe hereketine çekmek, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça edilmeli işler hem kesgitlenildi.
Leýla Bakaýewa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler