“Abadan haly” açyk gürnüşli paýdarlar jemgyýeti 2016-njy ýylyň fewral aýynyň 15-ne hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi, şu gün kärhananyň açylanyna 5 ýyl bolýar.
Kärhananyň esasy çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilen dänejikleri bolup, ol dänejikler ýörite sorujylar arkaly sorulyp reňk dänijikleri bilen garylýar we 220-235 derejede gyzgynlyk bilen eredilip ýörite akma usulynda inçejik sapaklar emele getirilýär.
Kärhananyň umumy meýdany 14,5 gektar. Toplumda haly dokamak bölümi, gaýtadan işleýän bölüm we çig mal öndürýän iki bölüm bar. 300 ýüzden gowrak işgäri bilen zawodyň häzirki önümçilik kuwwaty her ýyl 2,500.000 inedördül metr haly we haly önümleri tutýar.
Kärhana barada:
- Ýewropanyň öňdebaryjy dokma enjamlary oturdyldy.
- Dört ýokary tehnologiýaly haly önümçilik liniýasy.
- ISO 9001-2008 Hil dolandyryş ulgamlary bilen kepillendirilen.
- Bir wagtyň özünde 19 000 sapak ýüplük işläp bilýär.
- Bir günde 8 tonna sapak öndürip bilýär.
- Kärhananyň haly önümleri diňe türkmen bazarlarynda bolman, eýsem Russiýa, Eýrana, Özbegistana, Türkiýa we beýleki döwletlere eksport edilýär.
Çaryýewa Durdybibi
Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş
institutynyň 2-nji ýyl talyby
Teswirler