Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, nebit-gaz kärhanalarynda ýüze çykýan köp wagty we maliýany talap edýän tehniki anyklaýyş işleri möhüm meseleleleriň biri bolup durýar.Innowasion tehnologiýalaryň netijeli ulanyljak ugurlarynyň biri hem nebit-gaz pudagy bolup çykyş edýär. Bilşimiz ýaly senagatymyzda wagtal-wagtal tehniki anyklaýyş işleri geçirilýär. Bu işler bolsa kärhanalaryň önümçiliginiň wagtlaýyn togtadylmagyna sebäp bolýar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ulanylýan tehniki anykalyýyş usullaryna UT (ultrases bilen barlag), MT (magnit meýdan bilen barlag) , RT(gamma we rentgen şöhle barlagy), LT (ýörite suwuklyk bilen barlag) we ş.m. birnäçe görnüşleri görkezmek bolar. Belläp geçen usullarymyzyň kömegi bilen biz nebit-gaz kärhanalarymyzdaky turbalary, tankerleri, turbageçirijileri we başgada demir örtükli desgalarymyzyň zeper ýeten ýerlerini tapmak bolar.
HATS (gybrid akustiki tehnologiýalar ulgamy), MMM (metal magnitly ýat), LINE EXPLORER (setir anyklaýjy) ýaly tehnologiýalaryny nebit-gaz desgalarynyň tehniki anyklaýyş işlerinde ornaşdyrmagyň netijelidigini bellemek gerek. Şol sebäpli innowasion tehnolgiýalarynyň her biriniň aýratynlyklary we artykmaçlyklary barada bilsek tehniki anyklaýiş işlerinde ýüze çykýan meseleleri gysga wagtyň içinde hem-de az maliýe çykdajylar bilen çözüp bileris.
Tehniki anyklaýyş işleri geçirilende önümçilik belli bir wagtyň dowamynda togtadylmaly bolýar. Bu bolsa pudagyň ykdysady netijeliligini peselmegine getirýär. Innowasion tehnologiýalarynyň iň ähmiýetli aýratynlyklarynyň biri hem önümçiligi togtatman desgalaryň zeper ýeten ýerlerini anyklamana ýardam berýändigini bellemek gerek.
Kerim Orazmyradow
Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby
Teswirler
Gaty gowy