“Diňle meniň aýdymymy, akja gar!”

Aşgabat şäherinde anna we şenbe günleri uzak wagtlap gar ýagdy. Näme üçindir bu gar her ýagyşynda adamlar hamala ilkinji gezek gar görýän ýaly tolgunýar we joşýarka?

Bu täze ýyla ak sahypa bilen başlamak üçin, täze arzuwlara ganat bolýandygy sebäplidir belkem.

Annagül Gurdowanyň “Akja gar” aýdymy radioda goýberilýär. Awtobusda ol aýdymyň heňine gulak asyp oturan ýolagçylar aýdymy soňuna çenli diňlejek bolup öz duralgalaryndan geçip gideninem bolmän galýar.

Sosial mediada gar suratlary köp paýlaşyldy. Menem okyjylarymyz bilen öz ýazga alan pursatlarymy paýlaşmagy, şol aýdyma öz seslendirmäm bilen hödürlemegi makul bildim.

Ýürekleriňiz gar ýaly ak bolsun, eziz ildeşler!

Merdan Ataýew
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
“Diller dünýäsi” dil merkeziniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok