Ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada 26-njy noýabrda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde E.Orazgeldiýew hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Bu gaznadan ýer bölekleri önüm öndürijilere 99 ýyllyk möhlet bilen berler. Şu gaznanyň ýer bölekleriniň 70 göterimini bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin esasda ulanmak teklip edilýär. Galan ýer bölekleri bugdaý we pagta öndürmek boýunça meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny geçirmek üçin ulanylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Baýramgeldi Halbaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler