“Türkmensährasy – 2019”: BMW-den täze model awtomobil

Şu ýyly 11-12-nji awgustynda Hazar ykdysady forumy bilen bilelikde Hazar Innowasion Tehnologiýalarynyň sergisi hem-de «Türkmensährasy-2019» atly awtomobil sergisi geçirilýär.

Bu sergide dünýäniň awtomobil brend liderleri, özleriniň soňky modelleri bilen çykyş eder. Gatnaşyjy kompaniýalaryň biri hem Germaniýanyň BMW kysymly awtomobil söwda markasy.

2019 BMW X5 G05

    2018-nji ýylyň güýz paslynda geçen bütin dünýä Pariž awtomobil sergisinde Germaniýanyň BMW kompaniýasy özüniň täze, ýagny BMW X5 indeks nomeri G05 awtoulagyny görkezdi.

  Daş keşbiniň dizaýny boýunça özüniň kiçi jigisi BMW X3 indeks nomeri G01 meňzeşdir. Esasy üýtgeşmeleriniň biri bolsa awtomobiliň öňündäki iki sany uly gözenekler we bu gözenekler X5 modelinde birinji gezek birikdirildi. Bu gözenekler BMW awtomobilleriniň ähli modellerinde bardyr, emma soňky modellerinde kompaniýa bu gözenekleri ulaldýarlar. Bu bolsa awtomobil söýüjilerini iki topara böldi. Birinji topar halaýanlar, ikinji topar halamaýanlar.

Mundan başgada esasy innowasion ösüşleriň biri awtomobiliň farasy. Ýagny awtomobiliň öňündäki ornaşdyrylan faralary lazer ýagtylandyryjysy bolup, bu faranyň ýagtylandyryjysy 500 metre ýetýändir. Bu bolsa örän uzak aralykdyr.

   BMW X5 G05 salony edil rewolýusion üýtgeşme bolmasa-da, ewolýusion üýtgeşmeler boldy. Bularyň içinde täze rol, täze elektron ölçeg esbaby 12,3 dýumlyk ekran bilen, täze multimediýa displeýi 12,3 dýumlyk  iDrive 7.0.

   BMW kompaniýanyň soňky 2015 ýyldan bäri çykarýan awtomobilleriniň ählisinde ullanylýan CLAR platformasy täze BMW X5 G05-de hem ullanyldy. Birinji sapar goşmaça töleg edenler üçin 4 asgyçlaryna hem pnewmoasgyç goýylýar, öňler diňe yzky asgyçlaryna goýylýardy. Gowy aerodinamikanyň bolmagy üçin we benzin ýangyjynyň az ýakmagy üçin öňündäki gözenekler açylyp ýapylýandyr.

  Häzirki wagtda alyjylara BMW X5 G05 şu modifikasiýalarda hödürlenýär.

  BMW X5 xDrive30d- 3 litr dizel motory bolup 265 at güýje barabardyr. Bad alyşy 0-100 km/sag 6,5 sekunt, dizel ýangyjyny ýakyşy ortaça 100 km üçin 6-6,7 litr barabardyr.

  BMW X5 xDrive40i- 3 litr V6 benzin motor bolup 340 at güýje barabardyr. Bad alyşy 0-100 km/sag 5,5 sekunt, ýokary tizligi 243 km/sag. Benzin ýakyşy ortaça 100 km üçin 6-6,7 litr barabardyr.

   BMW X5 xDrive50i- 4,4 litr V8 benzin motor bolup 462 at güýje barabardyr. Bad alyşy 0-100 km/sag 4,7 sekunt, ýokary tizligi 250 km/sag+. Benzin ýakyşy ortaça 100 km üçin 11 litr barabardyr.

BMW X5 M50i- 4,4 litr V8 benzin motor bolup 530 at güýje barabardyr. Bad alyşy 0-100 km/sag 4,3 sekunt, ýokary tizligi 250 km/sag+.   Bulardan başgada ýakyn geljekde BMW kompaniýasy BMW X5M modeli hem görkezilmelidir.

“Türkmen sährasy -2019”

«Türkmen Sährasy-2019» atly halkara awtomobil sergisi Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän Awtomobil sergisidir. Gatnaşyjylaryň ekspozisiýasynda täze ýeňil, ýolagçy, ýük awtoulaglarynyň hem-de Awtoulaglary bejermek üçin ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, awtomobil gurluşygynyň innowasion tehnologiýalary, awto we elektronikada täze harytlaryň, Gorag we Gabaw ulgamlary hem-de Howpsyzlygy üpjün etmek üçin gerek bolan tehnalogiýalaryň dürli görnüşleri görkeziler. 

Sergi barada has giňişleýin maglumat üçin resmi saýtyna salgylanyp bilersiňiz: http://www.turkmensahrasy-2019.com/

Geçenki sanymyzda

Okyjylarymyza dykgatyna geçenki sanda Mercedes-AMG-nyň awtomobil önümi Mercedes-AMG GT 63s barada giňişleýin maglumat berlipdi. Şol makala salgylanmak üçin: Mercedes-AMG GT 63s

Abdulkerim Hamedow

Teswirler

BMW X5M(F95) we BMW X6M(F96) — IN ASHGABAT

[…] size täze BMW X5 barada maglumat ýetiripdik. Habarymyzyň ahyrynda BMW X5M modeli geljekde görkeziler diýipdik. […]