Mälim bolşy ýaly Türkmenbaşy şäherinde 2019-njy ýylyň 11-12-njy awgustynda Hazar Innowasion Tehnologiýalarynyň sergisiniň çäginde geçirilýän «Türkmensährasy-2019» atly awto ulaglaryň sergisi geçirilýär.
Bu sergä Germaniýanyň öňde gelýän awtoulag öndüriji kompaniýasy Mercedec-AMG hem öz täze önümleri bilen gatnaşýar.
2019 ýylyň mart aýynda geçen bütindünýä Ženeva awtomobil sergisinde Mersedes Benz kompaniýasy özüniň täze klassy bolan Mercedes-AMG GT 63s 4-Door Coupe 4Matic+ awtoulagyny görkezişe çykardy. Bu model Mercedes kompaniýanyň häzirki wagtda iň güýçli awtoulaglarynyň biridir. Awtomobilde doly dolandyryjy şassi ullanylandyr. Doly dolandyryjy şassi diýmek, bu awtoulagyň 4 tekeri hem öwrülýär. Ýagny awtomobili sag ýa-da çep tarapa öwrülende öňki ki we yzky tekerler bilelikde öwrülýär. Bu bolsa awtoulagyň ýiti öwrümli nokatlarda has sypaýyçylykly we howpsuz ýagdaýda öwrülmäge ýeňillik döredýär.
Hereketlendirijisi 4 litr V8 Bi-Turbo (2 sany turbina) bolup 48 woltly generator bilen herekede getirip, kuwwaty 639 at güýjüne barabardyr. Agramy 2 tonna barabar bolan bu awtomobil ýokary tizligi 315 km/sag bolup, bad alyşy 0-100 km/sag aralyk üçin bary ýogy 3,2 sekuntdyr. Awtoulagyň gönüden göni söwda bäsdeşi Porsche Panameradyr.
Aslynda awtomobiliň esasy kuzowy Mercedes-Benz E-class we Mercedes-Benz CLS-däkiler gaýtalanýar. Awtomobil 4 adamlyk orunly bolan bagažynyň ululygy 456 litr möçberde, yzky otyrgyçlaryny ýatyrylanda 1324 litr ýer bardyr. Bu bolsa başga käbir awtoulaglara deňeşdireniňde iki esse has göwrümlidir. Mysal aýdanymyzda 2019 Toyota Pradonyň 5 orunlyk komplektasiýasynda bagažy 612 litrdir.
«Türkmen Sährasy-2019» atly halkara awtomobil sergisi Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän Awtomobil sergisidir. Gatnaşyjylaryň ekspozisiýasynda täze ýeňil, ýolagçy, ýük awtoulaglarynyň hem-de Awtoulaglary bejermek üçin ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, awtomobil gurluşygynyň innowasion tehnologiýalary, awto we elektronikada täze harytlaryň, Gorag we Gabaw ulgamlary hem-de Howpsyzlygy üpjün etmek üçin gerek bolan tehnalogiýalaryň dürli görnüşleri görkeziler.
Serginiň esasy maksatlarynyň biri esasan, Türkmenistana Awtomobil gurluşygynyň innowasion tehnologik çözüwlerini çekmek, Awtomobil ulag gurallaryny öndürmek hem-de Awtomobil ulaglaryna doly hyzmaty gurnamak bolup durýar. Her ýylda şu görnüşde geçirilýän sergiler, awtomobilgurluşygy, abzallar, enjamlar, aksessuarlar we işewürlik gepleşikleri üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Bu sergide size diňe Türkmenistanyň däl eýsem Bütin Dünýä bazaryndaky awtomobil gurluşygynda täzelikler bilen tanyş bolmaga mümkinçilik dörär. «Türkmen Sährasy-2019» Halkara sergisiniň çäginde awtomobil önümlerini öndürijiler bilen işewirlik duşuşyklary geçiriler.
Has giňişleýin maglumat almak üçin salgylanyp bilersiňiz:
«Türkmen sährasy – 2019» awtomobil sergisi
Teswirler
[…] Okyjylarymyza dykgatyna geçenki sanda Mercedes-AMG-nyň awtomobil önümi Mercedes-AMG GT 63s barada giňişleýin maglumat berlipdi. Şol makala salgylanmak üçin: Mercedes-AMG GT 63s […]