Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we daşky gurşawy goramak häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 9–20-nji noýabrynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahaty (COP31) geçirilýär.
Maslahatyň dowamynda dünýä döwletleriniň wekilleri ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, ýaşyl tehnologiýalary ösdürmek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Türkmenistan hem bu halkara çärä işjeň gatnaşyp, ekologik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürýär. Hususan-da, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek we Aşgabat howa dialogyny ýola goýmak baradaky teklipler aýratyn ähmiýete eýedir.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli edaralarynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň gatnaşmagynda howa boýunça milli hasabatlylyk, maglumatlaryň aç-açanlygy hem-de Pariž ylalaşygynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada duşuşyk geçirildi.
COP31 maslahaty halkara ekologik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup durýar. Türkmenistanyň bu çärä gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ählumumy howpsuz ösüşe goşant goşmak ugrunda alyp barýan işleriniň aýdyň beýanydyr.
Gülșirin Gurbanowa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Teswirler