Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly: döwrebap ulag infrastrukturasyna tarap möhüm ädim

Türkmenistanda ulag infrastrukturasyny ösdürmek, sebitleriň arasyndaky ulag gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Aşgabat – Daşoguz täze awtomobil ýolunyň gurluşygy aýratyn ähmiýete eýedir.

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde täze awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Taslamanyň umumy uzynlygy 546 kilometre golaý bolup, onuň ugrunda 812 metr uzynlykdaky täze köpri, şeýle-de 9 sany köprini döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýolagçylar üçin 136 sany awtobus duralgasy we 13 sany awtoduralga meýdançasy gurlar. Ýoluň häzirki zaman sanly gözegçilik ulgamlary bilen üpjün edilmegi hem meýilleşdirilýär.

Täze awtomobil ýolunyň ulanmaga berilmegi Aşgabat bilen Daşoguz welaýatynyň arasyndaky gatnawlary has-da ýeňilleşdirer, ýolagçylaryň we ýük ulaglarynyň hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrar. Şeýle-de ol ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňeltmäge we halkara ulag geçelgeleriniň ösüşine goşant goşar.

Umuman, bu taslama Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda we milli ykdysadyýetiň ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Nursähet Allamyradow,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok