Bitarap Türkmenistan – arkalaşygyň, agzybirligiň we ösüşleriň mekany

Halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, döwletleriň özara ynamyny berkitmek we umumy ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan halkara giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri we döredijilikli başlangyçlary bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Ýurdumyz Arkalaşygyň assosirlenen agzasy hökmünde ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistan 2012-nji we 2019-njy ýyllarda hem GDA-da başlyklyk edip, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi.

2026-njy ýyl bolsa bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi Türkmenistan şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Başlyklygyň esasy maksatlarynyň hatarynda parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar bar.

Şu ýylyň dowamynda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we Ykdysady geňeşiniň mejlisleri geçirildi. Şeýle hem 7–9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri boldy. Bu duşuşyklar Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak, halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ykdysady hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berilýär. Özara söwda dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, senagat we ulag-logistika ulgamlarynda tejribe alyşmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Arkalaşyga girýän döwletleriň geografik taýdan ýakynlygy we taryhy-ykdysady gatnaşyklary bu ugurda täze mümkinçilikleri döredýär.Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem

Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Sebäbi halklaryň arasyndaky dostluk diňe bir ykdysady gatnaşyklar arkaly däl, eýsem, medeniýetiň, bilimiň, sungatyň we sportuň üsti bilen hem berkidilýär. Umumy taryhy kökleri we ruhy gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek, ýaş nesilleriň dost-doganlyk ruhunda terbiýelenmegine ýardam bermek möhüm wezipeleriň biridir.Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, halkara gatnaşyklarynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak kadalaryny öňe sürýär. GDA-da başlyklyk etmegi hem ýurdumyzyň bu ýörelgelere ygrarlydygyny, sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşant goşýandygyny görkezýär.

Netijede, Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze derejä çykarmak, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmak we umumy ösüşe goşant goşmak üçin möhüm şert bolup durýar. «Bitarap Türkmenistan – arkalaşygyň, agzybirligiň we ösüşleriň mekany» diýen düşünje bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlylygynyň aýdyň beýanydyr.

Toýlynyýaz Şirmämmedow,

Türkmenistanyň Döwlet energetika instititynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok