Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda halkara zähmet standartlaryna we durnukly ösüşe bagyşlanan iki sany halkara çäre geçiriler. Olaryň dowamynda kärdeşler arkalaşyklarynyň zähmet gatnaşyklaryny ösdürmekdäki orny we sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Çäreleriň biri «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat bolar. Şeýle hem Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Forumlara halkara guramalaryň, birnäçe döwletiň, BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň, ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bu çäreler zähmet gatnaşyklary boýunça tejribe alyşmaga, kärdeşler arkalaşyklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik döreder.
Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti
Teswirler