Türkmen döwlet maliýe instituty milli reýtingde birinji orny eýeledi

2025–2026-njy okuw ýylynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň milli reýting bahalandyrmasynyň netijeleri yglan edildi. Netijelere görä, Türkmen döwlet maliýe instituty 18,95 bal toplap, birinji orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 52 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama» esasynda geçirilen bahalandyrmada ýokary okuw mekdepleriniň görkezijileri, şol sanda her bir professor-mugallyma düşýän ortaça bal boýunça netijeleri göz öňünde tutuldy.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň bu netijesi okuw, ylym we okuw-terbiýeçilik ugurlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini görkezýär. Şeýle hem ýokary görkeziji professor-mugallymlaryň we işgärleriň zähmeti bilen baglanyşdyrylýar.

Milli reýtingde gazanylan birinji orun mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan instituta I derejeli diplom gowşuryldy.

Institutda bellenilişine görä, bu netije onuň ähli dekanlyklarynyň, kafedralarynyň, professor-mugallymlarynyň we işgärleriniň bilelikdäki işiniň netijesi bolup durýar.


Täzegül BALOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok