Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 1–7-nji awgust aralygynda Beýik Britaniýada geçirilen «XPERTSTEM Elite Final Competition» atly halkara intellektual bäsleşiginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, ýokary netijeleri gazandylar. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli ýaşlary bir ýere jemlän bu bäsleşik STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) ugurlary boýunça okuwçylaryň bilim we amaly başarnyklaryny barlaýan halkara ýaryşdyr.
Bäsleşikde Türkmenistanyň wekilleri jemi 1 altyn we 3 bürünç medal gazandylar.
«Programmirleme» ugry boýunça Aşgabat şäherindäki Türkmen-türk orta mekdebiniň okuwçysy Akgözel Perhatowa altyn medala mynasyp boldy. Eminler onuň çylşyrymly meseleleri çözmekdäki analitiki ukybyny aýratyn bellediler.
«Iňlis dili» ugry boýunça bolsa üç bürünç medal gazanyldy. Olara Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 16-njy mekdebiň okuwçysy Aýnur Ýagmyrowa, Aşgabat şäheriniň 15-nji mekdebiniň okuwçysy Mariýa Ruslanowa hem-de Türkmenabat şäherindäki 2-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçysy Jennet Halbaýewa mynasyp boldular.
Bu bäsleşik ýaşlara halkara derejesinde öz bilimlerini synap görmäge, dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle ýaryşlar STEM ugurlarynda ýaşlaryň döredijiligini, logiki pikirlenmesini we tehnologiýa başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Türkmen okuwçylarynyň bu netijeleri ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna döredilýän mümkinçilikleriň we olaryň halkara derejesinde bäsleşmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Çeşme: TDH
Teswirler