Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde 10–21-nji iýul aralygynda geçirilen 67-nji Halkara matematika olimpiadasynda (IMO 2026) üstünlikli çykyş edip, bir kümüş we üç bürünç medal gazandylar.
Netijelere görä, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş medala mynasyp boldy.
Bürünç medallar Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradowa, ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradowa hem-de şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanowa gowşuryldy.
Şu ýylky olimpiada dünýäniň 119 ýurdundan 685 zehinli okuwçyny jemledi. Türkmenistan abraýly bilim bäsleşiginde alty okuwçydan ybarat milli topar bilen çykyş etdi.
Gazanylan üstünlikler türkmen ýaşlarynyň takyk ylymlar boýunça ýokary taýýarlygyny görkezmek bilen bir hatarda, ýurtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak we zehinli ýaşlary goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netijelerini hem aýdyň şöhlelendirýär.
Çeşme:TDH
Teswirler