Aşgabatda informatika boýunça halkara olimpiadanyň ýeňijileri sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda informatika boýunça IV halkara açyk internet-olimpiadada üstünlik gazanan «Sanly dolandyryş» ugrunyň magistrantlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bu abraýly intellektual bäsleşige dünýäniň 16 döwletinden 57 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň jemi 793 talyby gatnaşdy. Gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda Russiýa, Hytaý, Germaniýa, Saud Arabystany, Malaýziýa hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler bar.

Olimpiada şahsy görnüşde geçirilip, gatnaşyjylar 120 minudyň dowamynda algoritmleri programmalaşdyrmak, maglumatlary seljermek, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça çylşyrymly meseleleri çözmekde öz ukyplaryny görkezdiler.

Akademiýanyň magistrantlary üçin bu bäsleşik halkara derejesindäki ilkinji synag bolup, olar ýokary netijeleri görkezmegi başardylar. Netijede, bäş sany türkmen talyby ýeňijileriň hataryna girip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olaryň hatarynda Batyr Annamyradow, Böri Hydyrow, Şahnoza Bagtyýarowa, Akmuhammet Aşyrow we Bezirgen Ýaýlymow bar.

Bäsleşigiň netijeleri ýörite taýýarlanan programma üpjünçiligi arkaly hasaplandy. Jemleýji görkezijelere laýyklykda ýeňijilere I, II we III derejeli diplomlar gowşuryldy.

Sylaglamak dabarasy ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Çykyşlarda ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň ýurduň sanly ykdysadyýetini ösdürmek we ýokary hünärli IT hünärmenlerini taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm netijesidigi bellenildi.

Şeýle halkara bäsleşiklere gatnaşmak ýaşlara diňe bir bilim derejesini görkezmäge däl, eýsem daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga hem mümkinçilik döredýär. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara tehnologiýa giňişligine goşulyşmagyna we döwlet dolandyryş ulgamynyň abraýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.

Ogulnur PÖKÇIÝEWA,

Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok