Programmirleme häzirki wagtda diňe bir tehniki başarnyk däl, eýsem döredijilik, logiki pikirlenme we innowasiýa bilen berk baglanyşykly strategiki ugurdyr.
Sanly dünýäniň ösmegi bilen programmirleme hünäri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Kompýuter ulgamlarynyň, mobil goşundylaryň we web-platformalaryň döredilmegi hut programmirleme arkaly amala aşyrylýar. Bu ugur jemgyýetiň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirýän hyzmatlaryň döremegine we sanly ykdysadyýetiň giňelmegine güýçli itergi berýär.
Türkmenistanda hem bu ugurda yzygiderli işler alnyp barylýar, ýokary okuw jaýlarynda programmirleme we maglumat tehnologiýalary boýunça hünärler giňeldilýär. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda IT bäsleşikleri, hakatonlar we okuw kurslary geçirilip, olaryň amaly başarnyklary ösdürilýär hem-de täze startap taslamalarynyň döremegine şert döredilýär.
Programmirleme diňe bir kod ýazmak bilen çäklenmeýär. Ol mesele çözmek, algoritmiki pikirlenmek we maglumatlary netijeli ulanmak ýaly başarnyklary ösdürýär. Şonuň üçin hem bu ugur ýaşlaryň intellektual ösüşine we döredijilik mümkinçilikleriniň giňelmegine uly täsir edýär. Programmistler häzirki döwrüň innowatorlary hökmünde täze çözgütleri döredip, dürli ugurlarda tehnologiýalaryň ösüşine goşant goşýarlar.
Soňky ýyllarda emeli aň, maşyn öwrenişi we uly maglumatlar ýaly täze tehnologiýalaryň ösmegi programmirlemegiň gerimini has-da giňeltdi. Bu tehnologiýalar diňe IT ulgamynda däl, eýsem saglyk, maliýe, ulag we bilim ýaly pudaklarda hem giňden ulanylýar. Netijede, programmirleme sanly dünýäniň ösüşinde esasy döredijilik güýji hökmünde çykyş edýär.
Aýgül BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler