Daşoguzda bahar paslynyň bag ekmek işleri dowam edýär

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleriniň toplumy üstünlikli tamamlandy. Şäheriň arassaçylyk we abadanlaşdyryş birleşiginde dürli görnüşli saýaly we bezeg agaçlarynyň nahallary ýetişdirilip, ekmäge doly taýýarlanyldy.

Gelejekde ýaşyl zolaklary giňeltmek, awtomobil ýollarynyň boýunda we bölüji zolaklarda saýaly hem-de ýaprakly agaçlary ekmek, şeýle hem ýaşaýyş toplumlarynyň we jemgyýetçilik binalarynyň töweregini bagy-bossanlyga öwürmek işleri amala aşyrylar. Edara-kärhanalaryň we mekdepleriniň öňündäki meýdançalary giňeltmek hem meýilleşdirilýär.

Taýýarlanylan nahallaryň agramly bölegini şäher landşaft dizaýnynda giňden ulanylýan ýaprakly agaçlar, şol sanda gündogar we şar görnüşli tuýalar tutýar. Bu ösümlikler howanyň gowulanmagyna, howanyň tozanynyň we gazlylygynyň peselmegine ýardam edýär.

Häzirki wagtda nahallar Daşoguz — howa menzili we Daşoguz — Aşgabat awtoýollarynyň ugrundaky ýaşyl zolaklary, şäheriň esasy köçeleriniň bölüji zolaklaryny bezäp otur. Şeýle hem seýilgähler, jemgyýetçilik ýerleri we medeni desgalaryň töweregi bagy-bossanlyga öwrülýär, bu bolsa ýaşaýjylara we myhmanlara amatly dynç alyş şertlerini üpjün edýär.

Bahar möwsümindäki bag ekmek çärelerine däp bolşy ýaly jemgyýetçilik hojalygy gulluklarynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň wekilleri, talyplar hem-de ýaşaýjylar gatnaşýarlar. Bu çäreleriň esasy maksady şäher gurşawyny abadanlaşdyrmak we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakdyr.

Didarmuhammet MEREDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok