Aşgabatda türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi geçiriler

2026-njy ýylyň 28–30-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-hytaý işewürlik forumy hem-de sergisi geçiriler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu çäre Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Foruma iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň, degişli döwlet edaralarynyň hem-de işewürler toparlarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, “Oguz Forum & Expo” kompaniýasy hem-de Hytaýyň Daşary ýurtlarda kärhanalary ösdürmek boýunça assosiasiýasy çykyş edýär. “Nielsonsmith” kompaniýasy bolsa forumyň resmi hyzmatdaşy bolup durýar.

Forumyň maksatnamasy sergi ekspozisiýasyny, mowzuklaýyn mejlisleri hem-de B2B we B2G görnüşindäki işewürlik duşuşyklaryny öz içine alýar. Çärä 300-den gowrak türkmen kompaniýasynyň we döwlet düzümleriniň, şeýle hem hytaýly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, forum iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen strategiki ugruň dowamydyr we türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyra gadam basýandygyny görkezýär.

Sähra AGAJANOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok