Alberk kompaniýasy guşçulyk senagat tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy

Türkiye eksport harytlary sergisinde Alberk guşçulyk senagat enjamlarynyň öndürijisi HSTU-nyň talyplary bilen duşuşdy

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi. Sergi Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda söwda-ykdysady we senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Çäräniň çäklerinde Halkara Senagatçylar we Telekeçiler Uniwersitetiniň (HSTU) talyplary guş eti gaýtadan işlemek boýunça awtomatlaşdyrylan ulgamlary öndürýän türk kompaniýasy — Alberk proses makineleri limited sirketi-iň wekilleri bilen duşuşdylar.

Duşuşygy Alberk kompaniýasynyň Baş direktory we Müdürler geňeşiniň başlygy Nihat Çelik alyp bardy. Ol kompaniýanyň işi hem-de guş soýum we gaýtadan işlemek tehnologiýalary boýunça halkara taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi.

1995-nji ýylda döredilen Alberk towuk we hindi guşlaryny gaýtadan işleýän kärhanalar üçin “açar tabşyryk” görnüşindäki toplumlaýyn ulgamlary öndürýär. Önümleriň hataryna asma konweýer zynjyrlary we guş asgyçlary (şaklalar), soýum we ýelek aýyrmak ulgamlary, awtomatiki içegäni aýyrmak liniýalary, sowadyş ulgamlary, böleklere bölmek we porsionlamak enjamlary, şeýle hem gaplama çözgütleri girýär. Kompaniýa öz enjamlaryny dünýäniň 30-dan gowrak ýurduna eksport edýär.

Duşuşygyň dowamynda talyplar azyk senagatynda häzirki zaman awtomatlaşdyryş tehnologiýalary, arassaçylyk kadalary we eksport talaplary bilen tanyşdylar. Sergi pudak hünärmenleri bilen geljekki inženerleriň arasynda netijeli pikir alyşma üçin möhüm meýdança boldy.

Şöhrat MUHAMMEDOW,

Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
Dil öwreniş kafedrasynyň müdiri

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok