Türkmenistan bilen Malaýziýanyň kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy güýçlenýär

2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M. Maşalow bilen Malaýziýanyň Kiberhowpsuzlyk guramasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Dato’ Dr. Haji Amirudin Bin Abdul Wahabyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ilçimiz Türkmenistanda kiberhowspuzlygy üpjün etmek boýunça Döwlet toparynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi we bu ugurda Malaýziýanyň tejribesiniň möhümdigini nygtady. Ol Malaýziýa bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek barada teklip etdi.

Malaýziýanyň wekilleri hem kiberhowpsuzlygyň global derejede ähmiýetiniň ýokarlanýandygyny belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Duşuşykda, hususan-da, Malaýziýanyň Tehniki Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (MTCP) çäklerinde kiberhowpsuzlyk boýunça okuw-seminarlary geçirmegiň we özara düşünişmek barada şertnamalar taýýarlamagyň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler we açyk hem-de netijeli gepleşikler üçin biri-birlerine minnetdarlyk bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok