«Magtymguly diýip adym tutsalar…» atly halkara onlaýn wiktorinanyň ýeňijileri yglan edildi

Beýik akyldar, şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýulýan belent sarpany, şahyryň edebi mirasyny ebedileşdirmek babatda alnyp barylýan nusgalyk işleri halkara derejesinde giňden dabaralandyrmak, ýurdumyzyň we dünýä ýurtlarynyň ýaşlarynyň şahyryň edebi mirasa öwrülen baý döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaklaryny, çuňňur öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda geçirilen «Magtymguly diýip adym tutsalar…» atly halkara onlaýn wiktorinanyň ýeňijileri kesgitlendi.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň çäklerinde geçirildi.

Bu bäsleşikde aýratyn tapawutlanyp, ýokary dereje gazanmak bilen ýeňiji bolan gatnaşyjylary size ýetirýäris:

  1. Serdar Rahymow-Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyby;
  2. Batyrmuhammet Orazow-Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby;
  3. Şyhdurdy Şyhyýew-Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby;
  4. Mätgurban Matkurbanow-Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby;
  5. Dünýägözel Çaryýewa-Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyby;
  6. Jahantäç Öwezowa-Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby;
  7. Maksat Amanmyradow-Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 3-nji ýyl harby talyby;
  8. Maksatmyrat Rahmanberdiýew-Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 2-nji ýyl harby talyby;
  9. Merdan Derýanurow-Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl talyby;
  10. Didar Ataýew-Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl talyby;
  11. Hallynyýaz Babaýew-Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby;
  12. Nurmuhammet Maksadow-Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby;
  13. Arazgeldi Baýryýew-Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby;
  14. Sahawat Garryjaýew-Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby;
  15. Selbi Inergeldiýewa-Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby;
  16. Döwletmyrat Tejenow-Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 4-nji ýyl talyby;
  17. Yslam Meredow-S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby;
  18. Kadyr Batyrow-S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby;
  19. Maýsa Hudaýnazarowa-Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby;
  20. Meňli Tuwakowa-Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby;
  21. Daniýar Emirkulyýew-Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby;
  22. Maral Allaberdyýewa-Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby;
  23. Hanahmet Annaberdiýew-Türkmenistanyň Serhet institutynyň 3-nji ýyl harby talyby;
  24. Suraý Musaýewa-Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby;
  25. Çeper Nazargylyjowa-Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 4-nji ýyl talyby;
  26. Enegül Begenjowa-Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby;
  27. Setdar Setdarow-Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby;
  28. Zyba Karryýewa-Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby;
  29. Gadyr Orazberdiýew-Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby;
  30. Azat Myradow-N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižnyý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas şahamçasynyň 4-nji ýyl talyby;
  31. Göwher Babaýewa-N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižnyý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas şahamçasynyň 1-nji ýyl talyby;
  32. Akmuhammet Gurbanmuhammedow-N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižnyý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas şahamçasynyň 1-nji ýyl talyby;
  33. Eldar Çalaýew-N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižnyý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas şahamçasynyň 1-nji ýyl talyby;
  34. Gülşirin Taýlyýewa-Kazan Federal uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby;
  35. Roza Begaliýewa-Kazan Federal uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok