Daşary ýurtly görnükli şahsyýetleriň Magtymguly baradaky pikirleri

Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy iňňän gyzykly. Onda, bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, şu ýygyndyda beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar.

Arminiý Wamberi, wenger alymy

Magtymguly ýaly milli şahyrly halk türki halklaryň arasynda diňe türkmenlerdir.

Wladimir Bartold, rus alymy

Magtymguly – Jemşidiň jamydyr.

Ýewgeniý Bertels, rus alymy

Magtymguly – bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar.

Çingiz Aýtmatow, gyrgyz ýazyjysy

Men Magtymgulynyň şygyrlarynyň täsiri bilen duýgulanyp, «Şahyr Magtymguly» atly saz eserini döretdim. Magtymguly meniň ýürek törümde ýaşaýar, ol – ylham çeşmäm.

Gilberg Biberýan, iňlis kompozitory

Magtymgulynyň goşgularyny özbek doganlarymyz dillerinden düşürmeýärler, aýdym edip aýdýarlar…

Askat Muhtar, özbek ýazyjysy

Biz her sapar ýüzlenenimizde, Magtymguly biziň üçin ähtibarly maslahatçy, halypa bolup durýar.

Aleksandr Aborskiý, rus ýazyjysy

Iňlislerde meşhur Wilýam Şekspire deňelen ýekeje şahyr bar. Ol hem Magtymgulydyr.

Braýan Oldis, iňlis alymy

Magtymguly hakykata gulluk etmäge berk kasam içen we ömrüniň ahyryna çenli hakykata wepaly bolan şahyrdyr. Magtymguly hakykaty çyn ýürekden söýüpdir we onuň üçin özündäki ägirt uly şahyrana zehininiň ähli güýji bilen göreşipdir.

Pawlo Tyçina, ukrain şahyry

Meniň eserini rus diline geçiren şahyrlarym Magtymguly, Zelili, Mätäji we beýlekiler üçin türkmen ili sag bolsun!

Naum Grebnew, rus terjimeçisi

Beýik Magtymguly adamlaryň sada, ak ýürekli we mähirli gatnaşykda bolmagyny arzuw edipdir. Onuň halk aladasyna ýugrulan lirikasy şu günler hem ýaşaýar we beýik maksada – hemmetaraplaýyn kämil adamy terbiýeläp ýetişdirmäge gulluk edýär.

Lýuosian Klimowiç, rus alymy

Magtymgulynyň şygryýeti joşgunly hyjuwy taýdan-da, iň ýokary derejedäki milli-watançylyk duýgusy meselesindede, önüp-ösen ýurdunyň tarypy hem-de ýaşan döwrüni umumylaşdyrmak babatda-da hakykatyň şygryýetidir.

Aryf Gajyýew, azerbaýjan alymy

Biziň edebiýatymyzyň genji-hazynasyna doganlyk türkmen halkynyň beýik ogullarynyň biri, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly ägirt uly goşant goşdy.

Petrus Browka, belarus şahyry

Magtymgulynyň bütin ömri we döredijiligi onuň öz halkyna bolan ynsanperwerlige we söýgä ýugrulypdyr. Müňlerçe zähmet adamlarynyň isleg-umytlaryny aňladýan beýik Magtymgulynyň arzuwy bütin dünýäde durmuşa geçirilýär.

Pak Un Ger, koreý edebiýatçysy

Men Magtymgulynyň goşgularyny okap, şeýle pikire geldim: eger Magtymgulynyň dünýäsini doly öwrenip bolsa, onda özüňi dünýäde iň bagtly adam hasap etse bolar, islän menziliňede ýetip bilersiň.

Andre Marlo, fransuz ýazyjysy

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok