Türkmenbaşy şäherinde “Ýaşlar we Kibermedeniýet” atly duşuşyk geçirildi

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýaşlaryň kiberulgamlara bolan garaşlylygyny azaltmak we olarda kibermedeniýeti kämilleşdirmek maksady bilen “Ýaşlar we Kibermedeniýet” atly duşuşyk geçirildi.

Ýaşlar bilen geçirilen bu duşuşyk “Dana” okuw merkeziniň Türkmenbaşy şäher şahamçasynda geçirildi. Oňa okuw merkeziň diňleýjileri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Türkmenbaşy şäher Geňeşliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Diňleýjilere üstünlikli tamamlanan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikleri beýan edýän gysga şekilli ýazgy görkezildi. Soňra “Ýaşlar we Kibermedeniýet” tema boýunça Magtymguly adyndaky TDU-niň talyby Aýjeren Annageldiýewa görkeziliş çykyşyny etdi. Çykyşyň dowamynda ýaşlaryň arasynda özara pikir alyşmalar boldy we sorag-jogaplar alyşyldy.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda geçirildi. 

Şeýlede okaň:
Türkmenbaşy şäherinde “Ýaşlar we Kibermedeniýet” atly duşuşyk geçirildi
Babadaýhan etrabynda “Ussatlyk üçin 10 müň sagat” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Tagtabazar etrabynda “Kämilleşmegiň ädimleri” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Sakarçäge etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Balkanabat şäherinde “Kämil nesil-hüşgärli ýaşlar” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Görogly etrabynda mugallymlar bilen pikir alyşma duşuşygy geçirildi
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Gökdepe etrabyndaky ýaşlar özara pikirlerini paýlaşdylar
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok