Lebap welaýatynyň maldarlary dowarlaryň baş sanyny artdyrmak boýunýa tutanýerli zähmet çekýärler.
Gündogar sebitiň maldarlary üstümizdäki ýylda hem owlak-guzy möwsümini üstünlikli geçirip, göz öňünde tutulan 73 müň 772 owlak-guza derek, 74 müň 708 sany owlak-guzy almaklygy başardylar we bu baradaky meýilnamany irki möhletlerde artygy bilen amal etdiler.
Welaýatyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagynda bar bolan maldarçylyk hojalyklarynyň bäşisinde hem gyşyň sowuk gelendigine garamazdan, oňa ykjam taýýarlykly gelinmegi netijesinde, dowarlaryň dok gyşladylmagy aýratyn bellärliklidir. Şonuň bilen birlikde hem şu ýyl howanyň ir maýlamagy, ýaýlalarda otuň ir ýetişip, bol bolmagy maldarlaryň aladalary bilen utgaşyp, ösdürime goýberilen owlak-guzularyň sagdyn kemala gelmeklerine ýardam edýär.
Welaýatda dowarlardan owlak-guzy almak baradaky meýilnamalaryny ilkinjiler bolup Çärjew etrabyndaky «Serdar», Halaç etrabyndaky «Garagum», Saýat etrabyndaky «Jeýhun» maldarçylyk hojalyklary berjaý etdiler. Ýokary netijäniň gazanylmagynda Hojambaz etrabyndaky «Tallymerjen», şeýle hem Köýtendag etrabyndaky «Köýtendag» maldarçylyk hojalyklarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygy hem bellärliklidir.
Welaýatyň düýedarçylyk hojalyklary hem üstümizdäki ýylda gowy netijeler gazandylar. Olar şu möwsümde 467 sany köşek alyp, bu baradaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmekligiň hötdesinden geldiler. Häzirki wagtda köşekler weterinar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylyp, sagdyn kemala getirilýär.
Teswirler