Atlantik ummanynda ýüze çykan «Fiona tupany» sebäpli adalardaky ýurtlaryň 1 milliondan gowrak ýaşaýjysy suwsyz, 3 milliondan gowrak ýaşaýjysy bolsa elektriksiz galdy.
Berilen beýanatda, tupan millionlarça adamyň ýaşaýyş şertlerine zeper ýetirendigi aýdylýar. Şeýle hem bu tupanyň täsir edip biläýjek ýerlerinde, suw joşmasy bolup biljekdigi baradaky duýduryş berildi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden tupanyň zeper ýetiren sebitlerine federal kömegiň beriljekdigini aýtdy.
Teswirler