19–20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Garagum sährasynda Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ralli-reýd ýaryşy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasy habar berdi.
Ýaryşyň dowamynda gatnaşyjylar Ahal–Mary ugry boýunça 372 kilometrlik aralygy geçmek ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň we Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekillerinden düzülen jemi 9 sport ulagy gatnaşdy.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasyna degişli «Nissan Patrol» kysymly sport ulagynda çykyş eden Maksat Daňatarow we Rejepmuhammet Annamuhammedow birinji orny eýelediler. Ikinji ýer federasiýanyň sport ulagynda çykyş eden Meýlis Abdullaýew bilen Baýram Annagulyýewe, üçünji ýer bolsa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Toyota Hilux» kysymly sport ulagynda çykyş eden Çaryýar Çaryýarow bilen Nurymyrat Hajymyradowa berildi.
Türkmenistanda ralli-reýd görnüşindäki awtomobil sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. 2026-njy ýylyň 27–28-nji iýunynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň çempionaty geçirilipdi. Şonda gatnaşyjylar Garagum sährasynyň üstünden geçýän, umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan ýaryş menzilinde bäsleşdiler.
Aýhan BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler