Igdäniň peýdasy barada

Igde guraklyga çydamly miwe bolup, islendik toprakda ösmäge ukyplydyr. Igde agajy topragyň süýşmeginiň öňüni alýar. Bu miwe adatça, güýzde bişýär we ýygnalýar.

Igdäniň peýdalary:

  • ýürek-damar ulgamyny işjeňleşdirýär;
  • peşew we peşew ýollarynyň meselelerini kadalaşdyrýar;
  • derini owadanlaşdyrmaga şeýle-de düwürtikleri azaltmaga ýardam berýär;
  • böwrekleriň kadaly işlemegine kömek edýär;
  • ekzemanyň döremeginiň öňüni alýar;
  • rak keseliniň töwekgelçiligini azaldýar;
  • bedeni sowuklamadan we dümew ýaly kesellerden goraýar;
  • aşgazan bilen baglanyşykly kesellerde ulanylýar;
  • immunitet ulgamyny güýçlendirýär;
  • öýjükleriň täzelenmegini goldaýar;
  • ýüzdäki ýygyrtlary aýyrýar we garrylygy haýalladýar;
  • dowamly üsgülewügiň öňüni alýar;
  • holesteriniň derejesini peseldýär;
  • bedendäki toksinleri aýyrýar;
  • bagry arassalaýar;
  • saçlary iýmitlendirýär we saç köklerini täzeleýär.

Baky AKMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok