Güýzüň taýsyz miwesi üzüm barada

  • Dünýäde üzümiň takmynan 8000 görnüşi bar;
  • Dünýäde her ýylda ortaça 72 million tonna üzüm öndürilýär;
  • Bir çüýşe çakyr takmynan 2,5 kg üzüm talap edýär;
  • Üzüm gandaky azot kislotasynyň derejesini ýokarlandyrýar. Azot kislotasy gan ýygnamagyň öňüni alýar. Bu ýürek agyry howpuny peseldýär;
  • Üzüm ýadawlygy aýyrýar. Böwrek we demgysma ýaly birnäçe saglyk meselelerinde peýdaly hasaplanýar;
  • Taryhçylaryň bellemegine görä, üzümiň watany Ispaniýa hasaplanýar;
  • Üzümden taýýarlanylýan kişmişde 15% suw bolýar;
  • Gadymy Müsür iogriflerinde hem üzüm şekiljiklerine duş gelmek bolýar;
  • Ispaniýa, Italiýa, Hytaý we Türkiýe ýaly ýurtlar üzümi iň köp öndürýän ýurtlar bolup durýar;
  • Bir hoşa üzüm gündelik kabul edilmeli C witaminiň 27%-ini özünde jemleýär;
  • Çakyr üçin harçlanylýan üzüm terligine harçlanylýandan has köpdür.

Jahan NURYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok