Dubaý şäherinde emeli Aý ýasalar

Ýakyn wagtda, Ýeriň üstünde hem Aýy görmek mümkin bolar. Golaýda, Dubaý şäheri Kanadanyň “Moon World Resorts” şereketi bilen emeli Aýy ýasamak boýunça şertnama baglaşdy. Ýeriň tebigy hemrasy bolan Aýyň nusgasynyň gurluşygy üçin 5 milliard dollar harçlanar. Bu täsin binanyň gurluşygy bary-ýogy dört ýyl dowam eder.

Bu taslama, syýahat üçin kosmosa gitmezden Ýerde şeýle şerti döretmek maksady bilen amala aşyrylýar. Beýikligi 224 metre ýetjek Aýyň nusgasy, bu ýere gelenlerde edil hakyky Aýyň üsti ýaly duýgyny dörediler. Emeli Aýy görmek üçin ýylda 2,5 million jahankeşde geler diýlip çaklanylýar. Mundan başga-da, bu ýere gelen myhmanlar emeli Aýyň üstünde guruljak “Sky Villas” atly 300-den gowrak öýde birnäçe wagtlap ýaşap bilerler.

Birnäçe jahankeşdeler kosmosa syýahat üçin 50 müň dollara golaý puly harçlaýarlar. Hünärmenler, Dubaýda guruljak bu syýahatçylyk merkeziniň adaty syýahatlar üçin amatly boljakdygyny belleýärler.

Merjen DÖWLETOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok