Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ýurdumyzda düýpli işler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde öňde durýan wezipeler kämil tehnologiýalary durmuşymyza ornaşdyrmak, olardan giňden peýdalanmak, täze önümçilik düzümlerini döretmeklikden ybaratdyr. Hemmetaraplaýyn sanlaşdyrmagyň çäklerinde raýatlaryň ýaşaýyş- durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ýörite ulgamlar döredilýär. Şunuň esasynda Aşgabat şäherinde “Döwletenergogözegçilik” kärhanasynda häzirki zaman enjamlary we täzeçil tehnologiýalar bilen üpjün edilen degişli Hasabat merkezi döredildi. Paýtagtymyz boýunça sarp edijileriň maglumatlary, salgylary, peýdalanylýan elektrik energiýasynyň möçberi, tölegiň möhleti elektron görnüşinde bu merkezde jemlenýär. Şeýle hem bu ýerde ykjam telefon, töleg terminallary, internet üpjünçilik ulgamy arkaly töleg geçirmek mümkinçiligi döredildi.
Dünýä tejribesinde belli bolşy ýaly döwlet ösdügiçe onuň durmuşynda maglumat ulgamy hem giňden ösýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgama geçmekligi çaltlandyrmak wajyp bolup durýar. Sanly ulgamy durmuşymyza ornaşdyrmak bilen baglylykda bu ulgam boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Şeýle hem bu babatda işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnamalar taýýarlandy. Ýokary okuw mekdeplerinde we okuw merkezlerinde, hünär kämilleşdiriş merkezlerinde bu ugurdan degişli sapaklar geçilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň birnäçe düzümleri bütindünýä internet ulgamyna birikdirildi. Esasan hem bu işde müşderilere sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini hödürleýän döwlet maliýe guramalary özleriniň oňyn netijelerini görkezýärler. Şu esasda ýurdumyzyň her bir raýaty internet-banking ulgamlarynda bellige alnyp bilinýär, ol ykjam we beýleki telefonlaryň, IP telewideniýäniň, internet tölegini amala aşyrmaga, alnan karz serişdelerini tölemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu hyzmat gije-gündiziň dowamynda ýagny, 24 sagat hereket edýär.
Ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ösdürmekde bank edaralary tarapyndan milli töleg ulgamy arkaly internet dükanlarynda harytlary satyn almaga mümkinçilik berýän ýörite binýatlar döredildi. Ýurdumyzyň telekeçileriniň döreden ulgamy arkaly dürli görnüşli harytlary sanlyja wagtyň içinde satyn almak mümkinçiligi emele geldi. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýörite saýtynyň üsti bilen awiapetekleri satyn almak mümkinçiligi hem döredi.
Türkmenistanda ähli pudaklary sanlaşdyrmak bilen bagly toplanylan tejribeler diňe bir milli derejede däl, eýsem, dünýä derejesinde hem uly ähmiýete eýedir. Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleri dünýäniň köpsanly ýurtlary we halkara bilermenler tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar.
.
Abdyrahmanberdi Hudaýberdiýew,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýakyn gündogar dilleri kafedrasynyň hindi dili mugallymy.
Teswirler