Ak şäherim Aşgabat

Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyz Aşgbadyň örän çalt depginler bilen ösüşinde has-da aýdyň duýulýar. Diýarymyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribeler häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýan ak paýtagtymyz Aşgabadyň toplumlaýyn ösüşi, onuň ajaýyp keşbi, ak mermere beslenen binalary, gök-ýaşyl zolaklary diňe bir öz milletimizde däl-de, eýsem, bu ugurdaky bilermenlerde hem ýakymly duýgulary döredýär. Aşgabat ata Watanymyzyň abraý-mertebesi, halkymyzyň buýsanjydyr. Mermer paýtagtymyzyň ösüşiniň özboluşlylygy  toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, dünýäniň üns merkezine öwrüldi. Şäheriň dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen döwrebaplaşdyrylmagy, binagärlik özboluşlylygy, ilat üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar we oňyn şertler bilen üpjün edilmegi türkmen paýtagtynyň abraýyny arşa galdyrýar.

Häzirki wagta çenli paýtagtymyzdaky ähli etraplar we onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy. Täze tapgyrlaýyn ýaşaýyş jaý toplumlary guruldy, özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe toplumlar döredildi. Munda köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilen binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy we olaryň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornyny pugtalandyrýandygyny subut edýär.

Bu günki günde Aşgabat şäherinde ulag ulgamy awtomobil, demir ýol we howa ulag görnüşlerinden ybaratdyr. Aşgabat Türkmenistanyň iri aragatnaşyk ulgamy bolup durýar. Mundan başga-da ýurdumyzyň umumy söwda dolanşygynda hem Aşgabat öňdebaryjy orny eýeleýär. Şeýle hem ýene bir bellemeli zatlaryň biri 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edilmegidir. Bu abraýly halkara gurama agza bolmak şäherde dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegi we şonuň ýaly-da şäheriň syýahatçylyk imejiniň işlenilip düzülmegine täze mümkinçilikleri döreder.

Bilşimiz ýaly eziz paýtagtymyz 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şu nukdaýnazardan 2013-nji ýyldan başlap her ýylyň 25-nji maý güni – Aşgbadyň güni diýip yglan edildi. Gözel paýtagtymyzyň Aşgabat – dünýä türkmenleri üçin baş şäher bolmak bilen birlikde olaryň jebislik mesgenine we milli döwletliligiň mizemez ojagyna öwrüldi.

.

Artyk Öwezow,

Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň 
Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok