Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen bedewiniň owadanlygyny wasp edýän surat bäsleşigi geçirildi

Asyrlarboýy Türkmen halky ahalteke atlaryny özleriniň uçar ganaty hasap edipdirler. Gadymyýetde we häzirki döwürde türkmen halky bedew atlaryna uly sarpa goýýar. Ahalteke atlary türkmen ýigidiniň myrady hasap edilipdir.

“Türkmen bedewiniň milli baýramy” mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyplarynyň arasynda Türkmen bedewiniň owadanlygyny wasp edýän surat bäsleşigi geçirildi. Geçirilen bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Muňa laýyklykda, I orna Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary II orna Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary mynasyp boldular.

.

Amanbagt USSAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok