Ady rowaýata öwrülen Asman atlary

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygaryny göterýän 2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň guramaçylykly gatnaşyp baş durmagynda türkmen halkynyň behişdi bedewleriniň şanyna bagyşlanyp döredijilik sergisi geçirildi. Mekdebimiziň ýaş hünärmen mugallymlary bilen bilelikde agajy çeper bezemek hünäri boýunça we nakgaşçylyk ugrundan bilim alýan talypalarymyzyň ajaýyp taslama işlerinde dünýä gymmatlyklarynyň nusgasyna öwrülen türkmen bedewleriniň taryhy waspy ýetirlendir. Biziň çeperçilik mekdebimiziň talyp ýaşlary bu çeperçilik sergä diýseň işjeň gatnaşdylar, olar öz eserlerinde türkmen bedewlerine goýulýan hormaty, behişdi bedewlere bolan çuňňur söýgüsini aýdyň beýan eýlediler.

Ady rowaýata öwrülen ahalteke atlary häzir hem türkmen suratkeşlerimiziň iň naýbaşy eserleri döretmeklikde itergi berýän, ylham joşguny bolup hyzmat edýändir. Dogurdanam türkmen bedewiniň ýyndamlygyny, owadanlygyny çeperçilik taýdan labyzly suratlandyrmagy başaran ýaş suratkeşlerimiziň döredijiligini türkmen halkynyň göz guwanjy buýsanjy “Uçar ganatsyz” göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.

Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçirilen ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginde behişdi bedewlerimiziň keşbini hem-de gaýtalanmajak tebigy gözelligini iň oňat beýan etmakde has öňe saýlanan talyplaryň adyny agzamak şu ýerde ýerlikli bolar. Türkmenistanyň Demokratik partiyasynyň Aşgabat şäher komitetiniň yardam etmeginde we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň adyndan bu döredijilik-bäsleşik sergide ýeňiji bolan talyp ýaşlarymyza gymmat bahaly sowgatlar gowşuruldy. Şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynda, bedewiň keşbini döretmek, yhlas bilen zähmet çeken ýeňijilerimiz hakykatdanam mynasyp orna eýe boldular,  çünki bu bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda ajaýyp we owadan bedewiň syratly keşbini nepis janlandyrmakdadyr.

Ahalteke bedewleriniň ata- babalary şöhratly “nusaý atlary” tutuş dünýäniň atçylygy täji bolmak bilen çäklenmän, eýsem älem-jahana hakyky sungat eserini peşgeş beren gadymy türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň jedelsiz subutnamasy hasaplanýar.

Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Gurbanow Jumamyrat baş baýraga mynasyp bolýar. Ol özüniň ýerine ýetiren nakgaşçylyk eserinde güýçli nyşanalyga ýüz urýar we merdana milletimiziň geçmişde gyrat bilen bagtynyň ozandygyny, bagtyýarlyk döwründe bolsa ykbalynyň göterlendigini görkezýär. 2-nji,3-nji we höweslendirji baýraklara mynasyp bolan talyplar hem öz gezeginde türkem bedewiniň keşbine ýüz tutýarlar. Umuman çeperçilik mekdebimiziň sergä gatnaşan talyplarynyň ählisi ukyp-başarnyklaryny, erjelligini we zähmetsöýerligini agaçda işlenen milli haşamlanan nyşanalyk taslamalarynda, nepis bejerilen zergärçilik önümlerinde şeýle-de taryhy pajygaly pursatlaryň aýgytlaýjy gahrymany hökmünde çykyş edýän ahalteke bedewiniň keşbi nakgaşçylyk eserlerinde ýitiden şöhlelenýär. Millilik äheňi duýulýan nakgaşçylyk taslamalaryny synlanyňda, göýä gadymy döwürde ýaşan ata-babalarymyzyň durmuşundan bir parça göz öňümizde janlanýar. Uruş döwrüniň wakalaryny gürrüň berýän, realistik akymynda ýerine ýetirilen bu taslamalaryň baş gahrymany hut türkmen ahaltake bedewleridir.

Bedew baýramçylygynyň şanyna bagyşlanyp geçirilýän şu hili döredijilik bäsleşik sergileriniň höwri köp bolsun, goý uçar ganatymyzyň owadan keşbi türkmen şekillendiriş sungatynyň çäginden çykyp, bütin dünýä ýüzüne äşgär bolsun!

.

Gunça Gurbangeldiýewa,

Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok