Millilik-milli mirasyň özenidir

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene-  mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini, nesil terbiýesini, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy” fakultetiniň zenanlar guramasy tarapyndan “Saz mugallymy” kafedrasynyň “Millilik-milli mirasyň özenidir” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda “Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy” fakultetiniň uly mugallymy we şol fakultetiň zenanlar guramasynyň başlygy Aýjemal Nazarowa, uly mugallym Gülbahar Muhammedowa, mugallym Leýli Sapargeldiýewa, 2-nji ýyl talyp Nowgül Joraýewa dagylar döwrüň belentligini nazarlaýan bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň ýokary derejede ösýändigini, şeýle-de ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetimiziň we sungatymyzyň barha kämilleşýändigini, milli ýörelgelerimiz bilen baglanyşykly türkmen gelin-gyzlaryna mahsus edep-ekramy, edim-gylymlarymyzy, däp-dessurlarymyzy, el hünärlerimizi öz çykyşlarynda beýan etdiler.

Elbetde, her bir gyz maşgala öýüniň namysy, görki, bezegi, näzigi, baýdagy hasaplanýar. Eziz diýarymyzda hem zenanlara goýulýan sarpa bimöçber. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem gelin-gyzlary özlerine goýulýan şeýle uly sarpadan ruhlanyp, ýurdumyzda milli ýörelgelerimizi wagyz etmekde alnyp barylýan işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan  hem talyp gelin-gyzlaryň arasynda ýygy-ýygydan şeýle wagyz-nesihat maslahatlary geçirilip durulýar.

“Millilik-milli mirasyň özenidir” atly wagyz-nesihat maslahatynyň täsirli çykyşlar tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

.

Keýik ARTYKOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Saz mugallymy” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok