Ýeriň merkezinden gelýän syrly signallaryň üsti açyldy

Alymlar Ýeriň merkezinde 7 ýyllyk aýlawyň netijesinde yrgyldadýan täsin magnit tolkunlaryny tapdylar.

Ýeriň ýadrosy gaty içki gatlak we suwuk metaldan ybarat daşarky gatlakdan ybaratdyr. Gyzgyn ýadro bilen deňeşdirilende sowuk daşky gatlagyň arasyndaky temperaturanyň tapawudy, suwuklykda konweksiýa akymlaryny herekete getirýär we zarýadlanan bölejikleriň hereketi planetanyň magnit meýdanyny döredýär. Ýeriň özenindäki bu tolkunlar alymlara planetamyzyň içinde bolup geçýän zatlara düşünmäge kömek edýär.

Ýerdäki emeli hemralardan we obserwatoriýalardan alnan maglumatlary ulanyp, alymlar 1999-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli Ýeriň geomagnit meýdanyny seljerdiler.

Gözlegçiler ýadro ekwatorial sebitini gurşap alýan magnit meýdanynyň yzygiderli üýtgäp durýandygyny anykladylar. Bu üýtgemeler her 7 ýylda bir gezek gaýtalanýar we ýylda 1500 km tizlik bilen ekwatoryň günbataryna aýlanýar. Birneme kiçi bolsa-da, bu tolkunlary öwrenmek Ýeriň içki özenine düşünmäge kömek edip biler.

Rahym JUMAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok