Mübärek Gadyr gijesi: Bilmeli we edilmeli amallar!

Oraza aýynyň içinde sogaply gije hasaplanylýan gije Gadyr gijesi hasaplanylýar. Ata-babalarymyz Gadyr gijesi barada aýdyp: “Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil” diýipdirler.

Oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçýän gijesi, Gadyr gijesi hökmünde kabul edilip ykrar edilipdir. Gadyr gijesinde, kaza we nepil namazyny okamak sagaplydyr. Bu nepil namazyny iki rekagatdan başlap, isledigiňçe okamagyň sogaby uludyr. Gadyr gijesinde okaljak nepil namazyň her rekagatynda “Elhamdan” soň bir “Gadyr”, üç “Kulhuwalla” süreleri okalýar. “Gadyr” soň üç “Kulhuwalla” süresini okamaly.

Bu ýyl Mübärek Gadyr gijesi 27-nji aprelden 28-nji aprele geçilýän gijä gabat gelýär.

Şeýle-de okaň:

Yslam dininde mübärek aýlaryň we gijeleriň ähmiýeti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok