Ösümlikler hem haýwanlar ýaly aýaklary, bogunlary, nerw ulgamy ýok hem bolsa, hereket edip bilýärler. Ýabany ösümlikleriň käbirlerini köpelmek üçin uzak aralyga tohumlaryny atyp goýberýärler. Tohum topraga düşüp, tebigy şertler emele gelen halatynda gögerip başlaýar. Käbir köpýyllyk ösümlikleriň tohumy ýeliň ugruna uçup başga bir ýerde düýp tutup gögerip durýar. Ösümlikleri tohumlary arkaly ýaýratmak mundan birnäçe ýyl ozal biologlar tarapyndan öwrenilipdi. Häzirki wagtda bolsa, ussat inženerler tebigatdan ylham alyp robotlary we birnäçe mehanizmleri ýasamak üçin ösümlikleri öwrenýärler. Hereket etmegi bilen adamlaryň ünsüni özüne çekýän ösümlikleriň biri hem paporotnikler bolup durýar. Bu ösümlikler gül açmaýar emma welin olaryň tohumy sekuntda 10 metrden hem ýokary tizlik bilen atylýar. Şeýlelikde, amatly şertler emele gelende topraga düşen tohum gögerip çykýar. Bu otuň çigidi togalak şekilli gozanyň içinde ýerleşýär. Bu gozanyň bir tarapynda bolsa ýarym aýlaw şekilli hatar-hatar öýjükler ýerleşýär. Bu öýjükler tomsuň yssy günlerinde suw ýitirmegi netijesinde göwrümi kiçelýär we gozanyň bir tarapy ýyrtylýar. Soňra bolsa edil çekilen ýaýyň kirişi ýaly dartylyp durýar. Netijede, tohumlar ýokary tizlik bilen daş-töwerege pytramak bilen bolýar.
Ösümlikler gerekli energiýany günden, minerallary bolsa toprakdan alýar. Emma janly-jandarlar bilen iýmitlenýän ösümlikler hem häzirki wagtda duş gelýär. Olaryň biri hem siňekgapan bolup, bu ösümlik Amerika materiginiň tropikal sebitlerinde gabat gelýär. Bu ösümlikleriň açylyp-ýapylýan ýapraklary bolup, iki bölekden ybarat bolan ýapragynyň duýgur tüýjagazlary bar. Bu tüýjagazlara mör-möjekler we oňa meňzeş siňek gonanda, ýaprak sekundyň dowamynda ýapylýar. Bu bolsa edil gapany ýatladýar. Soňra bolsa ösümlikde ýörite mäzler bölünip çykýar we siňegi eredip taşlaýar. Ýaprak bolsa täzeden açylýar. Şeýle ösümlikleriň nähili hereket edýändigi alymlar tarapyndan çuňňur öwrenilip ýapraklaryndan, robotyň barmaklaryny hem işläp taýýarladylar.
Baýramberdi ATAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler