- Gowy başlangyç söweşiň ýarysydyr.
Platon
- Ertir näme etjegini bilmeýän adam bagtsyzdyr.
M.Gorkiý
- Hemme zady bir bada etmäge synanyşmak, hiç zady etmezligi aňladýar.
G. Lihtenberg
- Amal diňe meýletinlik bilen ýerine ýetirilende oňat netije berýär.
D.Ruskin
- Ähli halatlarda diýen ýaly işiň iň kyn bölegi başlangyçdyr.
Ž. Ž. Russo
- Islän zadyňyzy edip bilmeýändigiňiz üçin, edip biljek zadyňyzy isläň.
P.Terensiý
- Her işde iň möhüm zat işlemek islemeýän pursadyňy ýeňip geçmekdir.
I.P.Pawlow
- Uly zatlary wada bermän, uly işleri ediň.
Pifagor
- Iň ýokary lezzet, başgalaryň edip bilmejek zatlaryny etmekdir.
U. Badjot
Bäşim ÖWEZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler