Älemdäki iň uly galaktikanyň üsti açyldy

Älemdäki iň uly galaktikanyň üsti açyldy. Ol Ýerden 3 milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Galaktikanyň başlanýan ýerinden girýän ýagtylyk, tamamlanýan ýerinden çykmagy üçin 16 million ýagtylyk ýyly gerek. Astronomlar galaktikanyň açylmagynyň älemdäki täze açyşlara hem sebäp bolar diýip çaklaýarlar.

Täze açylan galaktika Ýer planetamyzyň ýerleşýän Akmaýanyň ýoly galaktikasyndan 100 esse uludygy mälim edildi. “Alcyoneus” diýlip atlandyrylan galaktika Ýerden üç milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. “Alcyoneus”-yň çäksiz giňişlikde tutýan meýdany 5 megaparsek.

Alymlar “Alcyoneus”-yň näme üçin beýle ululygyny entek düşündirip bilmeýärler. Täze açyşyň, äleme has gowy düşünmäge kömek eder diýip hasaplanýar. Mundan başga-da, alymlar “Alcyoneus”-yň kosmiki web barada has gowy düşünje berjekdigini pikir edýärler.

Täze galaktika Gollandiýadaky Leýden obserwatoriýasynyň gözlegçileri tarapyndan tötänleýin ýagdaýda açyldy.

Merjen ALIÝEWA,

D.Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok