Gara burç köp ýyllyk çyrmaşyp ösýän ösümlik bolup, bu ösümlik miwesi üçin ösdürilip ýetişdirilýär we gaýtadan işlemek arkaly ondan dürli ýakymly ysly önümler alynýar. Bu ösümligiň miwelerinden gara burç, daşky gabygy arassalanan tohumlardan ak burç we burç miweleriniň bişip ýetişýän wagtyna laýyklykda ýaşyl burç alynýar. Adaty gara burçdan has ir ýetişenleri ýygnalyp aýratyn önüm alynýar. Ol gara burç ýaly bolup görünýär, ýöne tagamy biraz ýumşak ýaşyl gabykly bolýar. Bişmedik burç hoşada ýerleşip togalak ýygyrtsyz bolýar. Önümiň bu görnüşi Hindistanyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Gara burçuň 100 gram dänejigindäki askorbin kislotasy bişen pyrtykaldan üç esse köp bolýar. Burçuň himiki düzüminiň köp bölegi piperin bolup, ol miwelere ajy tagam berýär. Gara burç bedende gan aýlanyşyny gowulandyrmak üçin, şeýle hem iýmit siňdirişde peýdalydyr. Gara burçuň az-azdan iýilmegi ýürek-damar ulgamy üçin, esasanam gan aýlanyşyny gowulaşdyrmak we aşa köp ganyň goýulanmagynyň öňüni almak üçin peýdalydyr.
Bal bilen bilelikde bu önüm dem alyş ulgamy üçin örän peýdaly bolup, esasan hem nemi aýyrmaga kömek edýär. Aşa köp nemiň emele gelmeginiň öňüni alýar. Bedenden toksinleri we mugthorlary aýyrýar, bagryň işleýşine peýdaly täsir edýär. Şeýle hem peşew haltanyň ýokanç kesellerinde, demgysma we nerw ulgamynyň bozulmalary üçin peýdalydyr. Aşpezlikde gara burçuň miweleri üwelmedik, üwelen görnüşinde we beýleki huruşlar bilen garyndylarda ulanylýar.
Bagtyýar ANNAMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler