Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri

  • Koala bir gije-gündiziň 18-22 sagadyny ýatyp geçirýärler.
  • Osminoglar – oňurgasyz haýwanlaryň arasynda iň akyllylarydyr.
  • Kakapo – dünýäde ýeke-täk uçmaýan totyguşdyr.
  • Itleriň ys alyş ukyby adamyňkydan 1000 esse güýçlüdir.
  • Pişikler süýji zatlary halamaýarlar. Sebäbi olar süýji tagamy duýmaýarlar.
  • Teneçiriň ýaşaýyş dowamlylygy 24 sagatdyr.
  • Kolibri – yzlaýyn uçup bilýän ýeke-täk guşdyr.
  • Ýylanlar hiç hili zat iýmän 3 ýyl uklap bilýärler.
  • Düýeguşuň gözi onuň beýnisinden uludyr.
  • Delfinler diňe bir gözüni ýapyp uklaýarlar.
  • Awstraliýadaky towşanlaryň sany, Hytaýdaky adamlardan köpdür.
  • Polýar aýylary 40 km/s tizlikde ylgap bilýärler.
  • Kitleriň ýüregi minutda diňe 9 gezek urýandyr.
  • Garynjalar açyk sary reňkde özüni rahatsyz duýýarlar.
  • Garynja öz agramynyň elli-ýüz essesini göterip bilýärler.
  • Uly kengurular 9 metre böküp bilýärler.
  • Kebelekler ýer titrän wagtynda uçup bilmeýärler.

Mukam BATYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok