Agaçlar ýapraklary bilen hem suwlanyp bilýärler

Ösümlikler toprakdaky köklerinden suw alýarlar we suwy ýokaryk, ýagny baldaklaryndan ýapraklaryna geçirýärler. Boýy juda uzyn ösümlikler ýa-da agaçlar diňe bir kökleri bilen däl, eýsem ýapraklary bilenem suw zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilýändigini bilýärdiňizmi?

Pes derejeli ýagyş tokaýlaryndan tapawutlylykda, tropiki howa şertlerinde bulut ýa-da duman tokaýlary diňe daglarda we beýik belentliklerde bolýar. Bu ýerdäki äpet agaçlar howadaky çyglylykdan, ýagny bulutlardan suw zerurlyklaryny kanagatlandyrýarlar. Bulut tokaýlarynyň dünýäniň iň ajaýyp mysallaryndan biri, Kosta Rika daglaryndaky Monteverde bulut tokaýlygydyr. Bu ýörite tokaý meýdany 600 metrden 1800 metre çenli belentlikde ýerleşýär we dünýäde iň ösen şeýle-de köp adamly tebigy durmuşy öz içine alýar.

 Tokaýyň çäginde süýdemdirijileriň 100-den gowrak görnüşi, guşlaryň 400 görnüşi, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 120, ösümlikleriň 2500 görnüşi ýaşaýar. Hünärmenler bulutlar bilen agaçlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň şeýle aýratyn ekosistemalarda örän möhümdigini we bulut dykyzlygynyň peselmeginiň, esasanam howanyň üýtgemegi sebäpli, bulut ýa-da duman tokaý ekosistemalaryna zeper ýetirip biljekdigini aýdýarlar.

Leýla ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok