Gum depelerinden çykýan saz sesleri

Gum depelerinden sazyň çykýandygyny bilýärdiňizmi?

Seýrek ýagdaý bolsa-da, çöllerde pes ýygylykly sesleri eşitmek mümkin. Marko Polo XIII asyrda Gobi çölünde gum depelerinden gelýän sesleri ýazga alypdyr. Marko Polo bilesigelijik bilen bu hadysanyň nädip ýüze çykýandygy bilmek isläp birnäçe işleri geçirdi. Emma bu hadysa doly düşünip bilmedi.

Bu sesleri dünýäniň diňe birnäçe sebitinde eşitmek bolýar. Alymlar bu sesleriň emele gelmeginde käbir faktorlaryň bardygyny pikir edýärler. Ýagny ol faktorlar: çägäniň görnüşi, çyglylygy we gurak howa.

 Çäge özünden ses çykarmakdan başga-da, gaty gyzykly häsiýetli materialdyr. Mysal üçin, gum bölejikleri gaty bolsa-da, bilelikde bolanda suwuklyk ýaly hereket edip bilýärler.

Gözlegler çöllerdäki çägelerden gelýän sesleriň dürli ýygylyklaryň giň diapazonynyň bardygyny görkezýär. Alymlar sesiň ýygylygynyň çäge gatlaklarynyň süýşýän tizligi bilen baglanyşyklydygyny pikir edýärler. Geçirilen gözlegler, çäge däneleriniň ululygynyň çäge gatlaklarynyň süýşmegine we şonuň üçin ses tolkunlarynyň ýygylygyna täsir edýändigini görkezýär. Gum däneleriniň ýakyn ululygy, gatlaklaryň hereketi netijesinde öndürilen ses tolkunlarynyň ýygylygynyň biri-birine laýyk gelmegini üpjün edýär.

Aýjahan BERKELIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok