Täsin haýwanat dünýäsi

  • Ömrüniň dowamynda pilleriň dişleri 5-6 gezek täzelenýär, ýagny iň soňky gezek olaryň dişleri 40 ýaşynda täzelenýär.
  • Büreler yzyny üzmän, yzygiderli 30 müň gezek böküp bilýärler.
  • “Aýna gurbagasy” diýip atlandyrylýan gurbaga çyndanam aýna ýaly dury, onuň endamynyň içindäki damarlary, içegesi we ýüregi görünýär.
  • Dünýädäki iň uly balyk läheň akula bolup, olaryň agramy 30-40 tonna, beýikligi bolsa 15 metre deňdir.
  • 32 kilogramlyk osminog tennis topunyň ululygyndaky deşikden geçip bilýärler.
  • Žirafalaryň boýy 5,5 metre çenli ýetýän we burun deşigini açyp-ýapyp bilýän jandardyr.
  • Pilleriň bir gezekde doýmagy üçin 300 kilogram ösümlik gerek bolýar.
  • Syçanlar altynjy gatdan aşaklygyna gaçsa hem ýere düşende hiç zat bolmadyk ýaly gaçyp gidýärler.
  • Syrtlanlar ýyrtyjy haýwanlaryň içinde iýmit siňdirişi boýunça iň kämili hasaplanylýar.
  • Kenguru 12 metr aralygy bir gezek bökende geçip bilýärler.
  • Aýakçy (çirkeý) öz agramyndan iki esse köp gany içip bilýär.
  • Belkalar gün şöhlesinden goranmak üçin öz guýruklaryny saýawan hökmünde ulanýarlar.

Laçyn BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok