Bedenimi bileýin diýseň

Adam bedeniniň gurluşy örän çylşyrymly bolmak bilen, ol häzirlerem ýokary tejribeli lukmanlary geň galdyrmagyny dowam etdirýär. Ine onuň ýönekeýje bir mysaly, siz şu wagt şu jümläni okan wagtyňyz, bedeniňizde 50 000 öýjük öldi we täzeleri emele geldi. Geliň bedenimiziň beýleki täsinlikleri bilen tanşalyň!

  • Adamyň derisi ýaşaýşynyň dowamynda takmynan 1000 gezek täzelenýär;
  • Adam doglandan hiç saçyny kesdirmese, ömrüniň ahyryna çenli onuň uzynlygy 725 km-a ýetip biler;
  • Ýürek, adamyň ömrüniň ahyryna çenli 182 million litr gan aýlaýar;
  • Ortaça adam gören düýşleriniň 90%-ni ýadyndan çykarýar;
  • Kelleçanak 29 dürli süňklerden emele gelendir;
  • Adam bedeniniň umumy gan damarlarynyň uzynlygy takmynan 100 000 km-a barabardyr;
  • Beýniden çykýan gahar signallary sagatda 274 km tizlikde hereket edýär;
  • Täze doglan çaga 7 aýlyk ýaşyna çenli bir wagtda hem dem alyp bilýär, hem-de ýuwdunyp bilýär;
  • Beden ýylylygymyzyň 80%-i kellämiziň üsti bilen çykýar;
  • Adam bedenindäki kalsiý elementiniň 99%-i dişlerde toplanýar;
  • Adam bedenindäki öz-özüni bejermeýän ýeke täk agza ol hem dişleridir;
  • Adam bedenindäki umumy demriň mukdary, sagatdaky kiçi dil ýalydyr;
  • Adamyň dodaklary barmak uçlaryndan 100 esse duýgurdyr;
  • Adam bedeninde azyndan 700 sany ferment aktiw görnüşinde işleýär;
  • Adam bedenindäki umumy bakteriýalaryň agramy 2 kg-a barabardyr;
  • Bedeniň gan aýlanyşygy bolmaýan ýeke täk bölüm gözüň korneasydyr;
  • Zenan maşgalanyň ýüregi, erkek adamyň ýüreginden çalt urýandyr;
  • Adamlaryň 7%-i çepbekeýdirler.

    Döwran BAÝRAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok