Ýaş sazandalar üçin okuw kitaby

Bagtyýar türkmen halkymyz 2022-nji ýyly  “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny şatlyk-şowhun, uly buýsanç bilen garşy  aldy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni, her bir ýyly beýik  üstünliklere, bedew batly ösüşlere beslenýär.  Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan “Dünýä saz medeniýeti” atly okuw kitaby çapdan çykdy. “Dünýä saz medeniýeti” dersiniň özleşdirilmegi saz mirasy, garmoniýa, polifoniýa, saz eserleriniň derňewi, saz tilsimleri we umumy jemgyýet dersleri bilen bir hatarda ýaş sazandalaryň çeperçilik terbiýesi we hünäri boýunça ösmeginde uly ähmiýete eýedir.

Konserwatoriýanyň baýry mugallymlary A. Açylowyň, R. Muhammedowyň we N. Martirosowanyň awtordaşlygynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çapdan çykan bu okuw kitaby dünýä saz medeniýetiniň gadymy döwürlerinden başlap, XIX  asyryň başyna çenli saz sungatynyň dürli mazmunly görnüşleri  baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

 462 sahypadan ybarat uly göwrümli kitap  10 sany baby özünde jemleýär.  Her bapda dürli döwrüň saz sungaty döwür yzygiderliligi boýunça görkezilipdir. Gadymy döwrüň, orta asyrlaryň, Galkynyş (Renessans) döwrüniň, XVII-XVIII asyrlaryň saz sungaty we bu döwürleriň onuň wekilleri barada gyzykly maglumatlary özünde jemleýän okuw kitaby talyp ýaşlar üçin uly sowgat boldy.     Iogann Sebastýan Bah,  Georg Fridrih Gendel,  Kristof Willibald Glýuk, Ýozef Gaýdn,  Wolfgang Amadeý Mosart,  Lýudwig Wan Bethowen ýaly nusgawy kompozitorlaryň ömür we döredijilik ýoly, olaryň döreden eserleriniň giňişleýin derňewleri hem aýratyn baplarda beýan edilipdir.

Bütindünýä saz medeniýetiniň iň gowy däplerini öwrenmek, talyplaryň çeperçilik pikirlenmesiniň kämilleşmeginde dürli döwletleriň saz medeniýetleri bilen tanyşmak ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine oňyn täsir edýär. Awtorlar bu okuw kitabynda filosofiýada, estetikada, sazyň we sungatyň taryhynda dünýä tejribesinde kabul edilen adalgalara daýanypdyrlar.

“Dünýä saz medeniýeti” okuw kitaby Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary üçin  niýetlenendir. Ýörite sazçylyk sungat mekdepleriniň talyplary we saz söýüjileri hem bu işden peýdalanyp bilerler.  

.

Ogulnabat MERETGULYÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok