Haýwanat dünýäsinden

Janly-jandarlaryň islendigi dünýä inende juda eýjejik bolýar. Jandarlar dünýä gelenlerinde nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler?

Ördegiň jüýjesi ýumurtgadan çykan gününden iki aý soňra sary ýelekleri täzelenip, uly ördege meňzeýärler. Şeýle hem, olar dünýä inen gününden ene ördegiň iýmit çokuşyny, ýüzüşini we paýtyklap ýöreýşini bolşy ýaly gaýtalap başlaýarlar.

Kirpileriň bedeninde ýedi müňe golaý tikeni bolup, bu jandary sypalap bolmaýar. Sebäbi oňa golaýlaşsaň, olar togalanyp, tikenli topa öwrülýärler. Şonuň üçin hem, olar kiçidigine garamazdan, ýabany haýwanlardan aňsatlyk bilen goranyp bilýärler.

Deňiz pyşbagasy ýumurtganyň gabygyny döwüp çykanyndan soňra näme etmelidigini we haýsy tarapa ýöremelidigini oňat bilýärler. Ýagny, olar ýumurtgadan çykanyndan soňra, deňziň golaýyndaky çägelikdäki hininden çykyp, deňze tarap süýşüp başlaýarlar. Emma suwa ýetýänçäler guş, leňňeç ýaly duşmanlaryndan gaçmaly bolýar. Mundan başga-da, olar tolkunlara özüni atanyndan soňra, deňiz jandarlaryndan gaçmaly bolýar.

Keýikler dünýä inen wagty, olaryň derisiniň reňki tokaýyň ýa-da ýaşaýan ýeriniň tebigatynyň reňkine meňzeş bolýar. Keýikler 3-4 aýdan soňra, olaryň tüýi täzelenip, has goňur reňkli bolup başlaýar. Şeýle hem, keýikleriň täze çykan tüýleri has galyň bolup, olary gyşyň sowugyndan goraýar.

Geçigaplaňyň çagasyny kiçi wagty beýleki haýwanlar uzakdan görüp bilmeýär. Sebäbi, onuň derisiniň nagşy öz ýaşaýan ýeriniň otlaryna meňzeş şekilde bolýar. Emma, geçigaplaňlar ulaldygysaýyn reňki üýtgeýär. Şeýle hem, olaryň iki ýaşyndan soň, tüýi täzelenýär.

Göwher MUHAMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok