KYNÇYLYKLAR BILEN TAPLAN!

Sagyňa, soluňa göz aýla, heý-de başy agyrmaýan, damary syzlamaýan adama gözüň düşdümi? Haýsy bir öýde bagry girýan dertliler ýok?

Köp sanly adam bardyr, başlary agyr gündedir. Birnäçe adam bardyr, sabryna haýran galar oturarsyň. Bil, derde uçraýan bir özüň dälsiň. Gaýta, özgeleriň ýanynda ýene-de derdi egsik, gaýgysy az bende özüň bolup galarsyň.

Ýyllarboýy düşekden galyp bilmän, agyrydan ýaňa perişan ýatan birnäçe adam bardyr. Ýyllarboýy gün şöhlesini görmän, dört diwardan başga zady bilmeýän zyndanda ýatan tussaglar bardyr. Ýaşlyk möwsüminde, ömürleriniň gül açan çagynda göwher jigerini ellerinden aldyran ene-atalar bardyr. Gaýgyly, bergidar, derde uçran, hasrata çümen birnäçe adam bardyr.

Kynçylyklaryň öňünde ejizleme, gaýta, olary ýeňip, özüňi tapla we beýgel! Dünýä käte zyndan bolup görünse-de, gaýgy-hasratlaryň we külpetleriň mesgeni ýaly bolup dursa-da, ruhdan düşme. Dünýä durmuşy göz ýumup-açasy salymda üýtgäp bilýändir. Öz derdiňi özgeleriň, öňki ötenleriň agyry-derdi bilen deňeşdirip gör, olara garanyňda seniň süňňüňde dert ýokdugy äşgär bolar. Olaryň agyrysynyň ýanynda seniň çekýän bu derdiň ýönekeý bir sanjym ýaly zatdyr. Özüňde ýok zada gyýylma, bar zadyňa welin şükür et. Şeýdibem, töwerekdäkilerden beýikdigiňe, sagdyndygyňa göz ýetirersiň.

Jahan TOÝLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok