Ýaşaýyş alamaty bolup biljek täze planeta tapyldy

Gün ulgamymyzdaky ähli planetalar Günüň daşyndan aýlanýar. Beýleki ýyldyzlary daşyndan aýlaýan planetalara ekzoplanetler diýilýär. Ekzoplanetleri aýlanýan ýagty ýyldyzlar sebäpli teleskoplar arkaly tapmak gaty kyn.

Angliýada döredilen bilim edaralarynyň biri bolan London uniwersitetiniň gözlegçileri, täze dogjak ýyldyzyň ýanynda ýaşamak mümkinçiligi bolan ekzoplaneti tapandyklaryny habar berdiler.

Astronomlar planetany “ak derwüş” diýip atlandyryp, ýaşaýyş üçin iň amatly aralykda ýerleşýändigine syn etdiler şeýle-de planetada suwuň we ýaşaýşyň bolup biljekdigine baha berýärler. Göz öňünde tutulýan planetanyň ululygy Gün ulgamyndaky planetalara meňzeş bolup, Merkuriý bilen Marsyň arasynda ýerleşýär.

Häzirki wagtda planetany jikme-jik öwrenmek üçin birnäçe işler geçirilýär. London uniwersitetiniň gözlegçileri eger planetany anyklamak doly başartsa onda ynsan ýaşaýşy üçin iň uly açyşlaryň biri boljakdygyny nygtaýarlar.

Belläp geçsek, mundan öň hem birnäçe ýaşaýyş alamaty bolup biljek birnäçe planetalar tapyldy emma olar ekzoplanetler däldi.

Mergen JORAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok