Howpsuzlyk kemeri – ömürleriň halasgäri

Ýurdumyzyň çäklerinde täze etraplardyr obalar döredilip, täze döwrebap keşbe girýär. Ata Watanymyzda çekilýän ýollaryň uzynlygy artdygyça, ýolagçylaryň we olary gatnadýan awtoulaglaryň sany hem artýar. Sürüjiler uzak ýola düşmeginiň öňüsyrasynda, adatça, ulagyň guratlygyna üns berýärler. Munuň özi ýolda howpsuzlygyň üpjün edilmegi, ýolagçynyň ýetmeli menziline arkaýyn ýetmegine we sürüjiniň ýolagçylara kanagatlanarly hyzmat etmegine getirýär. Ýol hereketiniň kadalaryna laýyklykda, öz gatnadýan ýolagçylarynyň howpsuzlygyna sürüji jogap berýär we munuň üçin mümkin bolan çäreleri görýär. Ýol-ulag hadysalarynyň netijesinde şikes ýetmeleriň öňüni almakda, howpsuzlyk kemeriniň ähmiýeti uludyr.

Ýolagçylaryň ýönekeý gorag serişdesi bolan howpsuzlyk kemeri 1958-nji ýylda şwesiýaly awiasiýa inženeri Hils Bolin tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Ilki başda uçaryň gonuş hereketinde birden saklanmak üçin ýolagçynyň ygtybarly goralyşyny üpjün etmek maksady bilen, täze bir ulgamy döretmek isläpdir. 1959-njy  ýylda Hils Boliniň  bäş görnüşli howpsuzlyk kemerine  heläkçilik  hadysalary bolan  ýagdaýynda ygtybarly  gorag serişdesi  hökmünde  garalypdyr.

Boliniň döreden howpsuzlyk kemeri altmyşynjy ýyllaryň başynda ýol-ulag hadysalaryna gatnaşan millionlarça adamyň saglygyna şikes ýetmeginiň öňüni alypdyr. Şeýlelikde, awtoulag senagatynda işlenip taýýarlanylan howpsuzlyk gurallarynyň içinde iň möhümi howpsuzlyk kemeri hasaplanypdyr. Mundan başga-da, Hils Bolin ulag öňe ýokary tizlik bilen hereket edende, sürüjiniň we ýolagçynyň göwresiniň oturgyçda ygtybarly ornaşmagy üçin ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutupdyr. Ol howpsuzlyk kemeriniň birini döş kapasasynyň üsti boýunça, beýlekisini ýanbaşynyň üstünden geçipdir. Awtoulag ýokary tizlikde hereket edende, zerur hereketleri ýerine ýetirmek oňaýly bolar ýaly howpsuzlyk kemeri sürüjiniň we ýolagçynyň bir eliniň üstünden geçirilipdir.

Biz hem howpsuzlyk kemeriniň taryhyny gysgaça beýan etmek bilen awtoulaglaryň sanynyň günsaýyn artýan we durmuşda has işjeň peýdalanylýan döwründe ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde, sürüjilerimiziň gözýetiminiň giňemegini, hemişe seresaply bolmaklaryny gazanmagyny maksat edindik. Ak ýollarda size hemişe şowlulyk  ýar bolsun, mähriban watandaşlar!

Malahat MADRAIMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok